Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...

Ýakasyny tanadanda dekabr

08-12-2021 / 5054

Ýakasyny tanadanda dekabr

Gideninde ýaz günleri öýkeläp,

Yzlary galanda meýdanda käbir,

Guşlar başarmandy sazyn gaýtalap.

 

Uzaga çekende gijeleň hökmi,

Gün dogmaga howlukmanka o diýen

Agaçlaň ýüregi doňmanka heniz,

Gyşyň sowgat beren ak donun geýen

 

Täze ýylyň ysy urup burnuňa

Bezelende toý begresli arçalar

Sowuk jana hoş getirip birneme

Açylandan garda galan gunçalar

 

Ak gyş, arzyly gyş, arzuwlanan gyş,

Eçilende alna gowulyklary

Ejemiň maňlaýna ýygyrt düşürip,

Edil şu gyş güni men doglupdyryn

Ogulnur PIRJIKOWA.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com