Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

TÜRKMENgazet — kalplara barýan ýol

11-08-2021 / 5037

REDAKTORDAN

Mähribanlarym, döwür kämilleşýär, döwür bilen bilelikde şertlerem, mümkinçiliklerem, tehnologiýalaram kämilleşýär, giňeýär. Soňky döwürler facebook, twitter, şeýle-de instagram halkyň arasynda ýoň boldy. Bagşy-sazandalardan başlap, telekeçilere çenli instagramda. Şol sanda ýurdumyzyň tanymal internet saýtlarynyň hem instagramda sahypalary bar. Olaryň ählisi öz ugry bilen bagly gyzykly maglumatlary sahypalarynda ýerleşdirip, täzeläp durlar. Umuman muňa başgaça «insta dünýä» diýilýär.

Ýakynda ýokary guramaçylyk ukyplary bilen halk arasynda giňden tanalýan @aman4ess we @konkurstm_show guramagynda dürli ugurlar boýunça bäsleşikler geçirildi. TÜRKMENgazet.com internet sahypamyz hem bu bäsleşikde «iň gowy internet portal» derejesine mynasyp boldy.

Mähribanlarym, saýtymyz döräli bäri, biziň esasy ýörelgämiz — Maksat — ýatda däl, ýürekde galmak. Diýmek, biz siziň kalplaryňyza ýetmegi başarypdyrys. Biz ýene-de zähmetimizi gaýgyrman okyjylarymyzy hoşal etmegiň ugrunda arman-ýadaman zähmet çekeris.

Bizden daşlaşmaň, mähriban okyjylarymyz!

 

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com