Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Instagram düýpli üýtgeşmeleriň boljakdygyny habar berdi

14-07-2021 / 5087

Instagram-yň ýolbaşçysy Adam Mosseri ýakyn aýlarda sosial ulgamda garaşylýan üýtgeşmeler barada habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, Instagram wideo formatynyň ösdürilmegine üns berer, lentada bolsa ulanyjynyň abuna ýazylmadyk akkauntlaryndan maslahat berilýän postlaryň has köp mukdaryny görkezmek meýilleşdirilýär. Bu barada http://www.m24.ru habar berýär.

“Biz indi foto ýa-da inedördül suratlary alyş-çalyş etmek üçin programma däl” – diýip, Mosseri özüniň Instagram sahypasynda belleýär. Sosial ulgamda wideo formatdan başga-da, onlaýn söwda we habarlary alyş-çalyş etmek ugurlaryna uly üns berler. Şeýle-de, mazmun döredijilere goldaw bermek meýilleşdirilýär.

Instagram-yň ýolbaşçysy mobil telefondan görmäge gönükdirilen doly ekranly, immersiw, gyzykly roliklere üns beriljekdigini belledi. Üýtgeşmeler ýarym ýylyň ýa-da bir ýylyň içinde ýuwaş-ýuwaşdan bolar. Mosseri adamlaryň Instagram-a güýmenje üçin girýändiklerini, şeýle-de sosial ulgamyň bäsdeşleri hökmünde TikTok bilen YouTube-y belledi.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com