Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

INTERNET BARADA GYZYKLY MAGLUMAT

02-07-2021 / 6742
  • Bütin dünýäde 2,4 milliarddan gowrak adam internetden peýdalanýar.
  • Döredilen ilkinji bäş ýylda internet 50 milliondan gowrak ulanyjyny gurşap aldy.
  • Domen ady ulgamy 1983-nji ýylda işlenip düzüldi.
  • WorldWideWeb – 1990-njy ýylda Tim Berners-Li tarapyndan döredilen dünýädäki ilkinji brauzer, soňra bu brauzer Nexus adyna öwrüldi. Emma şol döwürde iň köp ýaýran brauzer NCSA Mosaic hasaplandy.
  • 1991-nji ýylda internet köpçülige elýeterli boldy.
  • 1971-nji ýylda internet arkaly e-poçta ibermek üçin programma peýda boldy.
  • cern.ch – dünýäde 1991-nji ýylda peýda bolan Tim Berners-Liniň döreden ilkinji web sahypadyr.
  • Her gün iberilýän 247 milliard e-poçtaň 81% -i spam.
  • Dünýäde iň çalt internet – Günorta Koreýada (ortaça tizlik – 25.3 Mbit / s), ikinji orun: Gonkong (ortaça tizlik – 16,3 Mbit / s).
  • Dünýädäki iň haýal internet Liwiýada (ortaça tizligi 0,5 Mbit / s).
  • Her sekizinji är-aýal internet arkaly duşuşdy.
  • 1988-nji ýylda Internet Relay Chat (IRC) protokoly döredildi, onuň netijesinde hakyky wagtda aragatnaşyk gurmak mümkin boldy.
  • “Facebook” döwlet bolan bolsa, ilat sany boýunça 3-nji ýerde bolardy.
  • Google dünýäde iň meşhur web sahypasydyr.

 

Daýanç MAHMUDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com