Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegi

Bäsleşige: Sag bolsun!

12-06-2021 / 5042

Päsgel berýän adamlara sag bolsun,
Çünki olaň bardygyna müň şükür.
Kim bizi bilgeşleýin gynasa,
Kimse ýolumyza kynçylyk çeker.

Eger-de, şeýle adamlar bolsa,
Nirde ornum, haýsy ýolda düşünýän.
Olar biziň ykbalymyz oýnasa,
Biziň başa müň alada düşürýär.

Ýitgini duýmasa ruhuň,
Öýke etmese köňlüň,
Durmuşyňda bagt näme?
Bagyşlasaň şatdyr ömrüň.

Päsgelçilik döräp dursa,
Buda bir gowy alamat.
Şeýle adamlar bolmasa,
Pikir etmezdi adamzat.

Ýagşylyk etseň, ýagtylar ýoluň,
Men bu sözi müň bir gezek aýdaýyn.
Şonuň üçin ähli adamlar sag boluň.
Ýogsam üstinlige nädip ýeterin.

Terjime eden: Aýgül MÄMMETGURBANOWA.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com