Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

20-05-2021 / 5055

19-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti şanly seneleri mynasyp derejede garşy almalydygyny, şeýle-de mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine, şol bir wagtyň özünde “Soňky jaň” dabaralaryna taýýarlyk işleri utgaşykly alnyp barylmalydygyny aýratyn belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz asylly däbe görä, şu ýyl Medeniýet hepdeliginiň Lebap welaýatynda geçiriljekdigini, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com