Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

INŽENER WE KOMPÝUTER GRAFIKASY BOÝUNÇA ÜÇINJI AÇYK OLIMPIADASYNYŇ NETIJELERI

22-04-2021 / 5071

Häzirki zaman bilim giňişligi iň täze programma üpjünçiligi we multimediýaly grafiki paketleri we toplumlary bilen dolduryldy. Islendik inženeriň hünär taýýarlygy ulgamynda grafiki okuw, hünärmeniň inžener-tehniki bilim derejesini kesgitleýän möhüm orny eýeleýär.

Mundan başga-da, häzirki zaman önümçiliginiň konstruktorly-tehnologiki innowasiýalaryna uýgunlaşdyrylan grafiki medeniýetiň, tehniki pikirlenmegiň täze görnüşini döretmek zerur bolup durýar. Häzirki zaman tehnika döredilende onuň taslamak döwründe diňe geometriki modelirlemek bilen çäklenmeýär. Taslanan desganyň giňişleýin inženerçilik derňewi bolmazdan, bäsdeşlik önümlerini öndürmek mümkin däl.

Obýektleri modellemekde kompýuter grafikasynyň serişdelerini peýdalanmagyň birnäçe artykmaçlyklary bardyr: ýönekeýlik, köp planlyk, ýerine ýetiriliş tizligi, taýýarlanýan modelleri çeýe üýtgetmek ukyby. Şeýle modelirlemägiň aýdyňlygy onyň beýleki usullara görä artykmaçlygyny görkezýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň köp ýokary okuw jaýlary materialy özleşdirmegiň hilini ýokarlandyrmaga goşant goşýan maglumat tehnologiýasyny ornaşdyrmak bilen okuw meýilnamalaryny taýýarlaýarlar.

Kompýuter grafikasy ýaly dersde talyplara AutoCAD, KOMPAS-3D, Autodesk Inventor, Solid Works ýaly programmalarda işlemegi öwredilýär.

Tehniki ýokary okuw jaýynda häzirkizaman kompýuterleşdirilen grafiki taýýarlyk-bu  bilimiň düýpli sferasy, başarnygyň we aýratyn şahsy häsiýetleriň esasy ugry, onsuz häzirki zaman inženeri bolup bilmez.Täze inžener-geometriki meseleleri çözmekde döredijilikli bolup biljek hünärmenlere bolan isleg artýar.

Talyplaryň döredijilik inžener-geometriki aýdyň-grafiki pikirleniş prosesleriniň ösüşi, geljekki inženerleriň çyzuw geometriýasyna, inžener we kompýuter grafikasyna bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyryp, grafiki maglumat tehnologiýalarynda we ulgamlarynda olimpiadalara we ýaryşlara talyplaryň gatnaşmagyna kömek edýär.

Talyp olimpiadalaryna we grafiki maglumat tehnologiýalaryndan hem-de inženerçilik maksatly ulgamlarda ýaryşlara taýýarlyk, talyplaryň okuw-öwrenmekligiň, hünär we gözleg işleriniň sintezidir.

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary Döwlet Durdyýewiň, Guwanç Öräýewiň we okuw bölüminiň başlygy Mekan Haýydowyň gurnamagynda inžener we kompýuter grafikasy boýunça üçünji açyk olimpiadasy geçirildi.

Bu bäsleşige ýurdumyzyň dokuz ýokary okuw jaýynyň segsen talyby gatnaşdy: Türkmen oba hojalygy instituty, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika instituty, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Oguzhan adyndaky inžener tehnologiýalar uniwersiteti, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti.

Inžener grafikasy boýunça iň oňat topar netijesini görkezip Türkmen oba hojalyk institutynyň we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary  institutynyň talyplar topary 259 bal gazanyp, birinji ýere eýe boldylar. Ikinji ýeri S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň we üçünji ýeri Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň toparlaryna berildi. Inžener we kompýuter grafikasy boýunça geçirilen üçünji açyk olimpiadanyň netijelerine görä, ilkinji orunlary we altyn medallary Türkmen Oba hojalyk institutynyň talyplary Daýanç Mahmudow, Hangeldi Hummedow, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Hursant Kerimow we S.A. Niýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden Perhat Kakyşew aldylar.

Gatnaşan ýokary okuw jaýlaryndan dokuz talyby kümüş medallara mynasyp boldylar. Üçünji orny ýokarda agzalan ýokary okuw jaýlaryndan 13 talyp aldy.

Kompýuter grafikasy boýunça Türkmen oba hojalyk institutynyň topary 432 bal bilen ýeňiji boldylar. Ikinji orny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň we üçünji orny Türkmenistanyň Döwlet energetika  institutynyň toparlary gazandylar.

Kompýuter grafikasy boýunça Türkmen Oba hojalyk institutynyň talyplary Daýanç Mahmudow, Timur Eltezarow, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Atabaý Ýahşimuradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika  institutyndan Seýran Amangeldiýew olimpiadada ýokary netijeleri görkezip toparlaryna altyn medallar getirdi. Gatnaşan sekiz uniwersitetiň ýedi talybyna kümüş medallar gowşuryldy. On iki talyp bürünç medallara eýe boldylar.

Olimpiadanyň ýeňijileri we baýrak alanlar grafiki dersler boýunça, biziň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän sanly bilim konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm bolan häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryny ussatlyk bilen ulanmak barada çuňňur bilimlerini görkezdiler.

 

Umida ABDYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com