Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Älemiň meşhur zenanlary

17-04-2021 / 5082

Mähriban okyjylar! Size aprel aýynyň 16-syna dünýä inen meşhur zenanlar baradaky maglumatlary hödürleýäris.

Cina Carano (39 ýaşady) – amerikan aktrisasy, telegepleşikleri alypbaryjy, model we ozalky garyşyk göreş sungatçy. 2006-2009-njy ýyllar aralygynda ol EliteXC we Strikeforce ýaryşlaryna gatnaşyp, 7-1 rekorduny goýmagy başarýar. Onuň beýle uly meşhurlygy “Zenan MMA-nyň ýüzi” diýen ada eýe bolmagyna getirýär.

Selena – amerikan aýdymçysy, kompozitor, telekeçi, model, aktrisa we fason dezaýneri. Oňa “Tedžano aýdymynyň şazeneny” diýýärler. Saza we moda goşan goşandy bolsa, ony XX asyryň iň meşhur meksikano-amerikan artistleriniň biri bolmagyna sebäp boldy.

Elaiza Ikeda (25 ýaşady) – filippino-ýapon aktrisasy we fotomodel. 2009-njy ýylda “Grand Priz Nicola Model Audition 2009” bäsleşiginde ýeňiji bolanyndan soň, Elaiza modellik kärine başlady.

Shu Qi (45 ýaşady) – taýwan-gong-kong aktrisasy we model. 2014-nji ýyla çenli ol Taýwanyň iň köp tölenýän aktrisalarynyň biridi.

Fuka Koshiba (24 ýaşady) – ýapon aktrisasy. Ol zähmet ýoluny “Oscar Promotion” talant agentliginde başlady.

 

Misato Ugaki (30 ýaşady) – Tokionyň göni ýaýlym berýän telewideniýesiniň alypbaryjysy.

 

Mähriban Hudaýgulyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com