Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Tagamlary taýýarlamak

Towukly çorba (kremli)

16-04-2021 / 5148

Gerekli önümler:  200 g towuk, ýarym gyzyl bulgar, 1 bogdak şýawel, 1 sogan, 3 sany ýeralma, 200 ml ýaglylygy 10 % bolan gaýmak, islegiňe görä duz.

Taýýarlanyşy: 1,5 l suwda towugy gaýnatmaly. Çorbasyny sowatmaly. Soňra ýeralmany, sogany, bulgary arassalap, 4 bölege bölüp, çorba atmaly. Çorbany orta derejeli gyzgynlykda 10 minut pişirmeli. Soňra sowan towugy böleklemeli. Şeýle-de şýawel otuny arassalap, böleklemeli we towuk bilen şýaweli çorbanyň içine atmaly. Çorbany ýene 3-4 minut pişirmeli. Soňra blender bilen çorbany krem görnüşe getirmeli. Üstüne gaýmagy we duzy hem guýup, çorbany gyzdyrmaly. Yzygiderli garyp durmaly. Gyzansoň otdan aýyrmaly. Çorba taýýar.

Işdäňiz açyk bolsun!

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com