«Käşgä meniň aýaklarymam edil şahlarym ýaly owadan bolsady»
16-04-2021 / 5049
Bir gün bir sugun howanyñ yssylygy zerarly gaty suwsap tokaýdan derýanyñ suwuny içmäge gelipdir. Ol suwuñ ýüzünde öz keşbini görüp ullakan şahlaryna diýseň buýsanypdyr. Inçejikden gowşak aýaklaryny görüp welin, utanypdyr.
Sugun «Käşgä meniň aýaklarymam edil şahlarym ýaly owadan bolsady» diýip göwün ýüwürdipdir.
Ol şeýdip pikire çümen wagty bir ýolbars peýda bolupdyr-da, assyrynlyk bilen oňa tarap süýşüp ugrapdyr. Bu ýagdaýy dessine aňan sugun ol ýerden ökjäni göterýär.
Haçanda ol ýolbarsyň gözüne çöp atmak üçin tokaýyň içi bilen gaçanynda şahlary baglaryň şahalaryna çolaşyp onuň gymyldamasyny kynlaşdyrýar. Baglaryň has jümmüşine aralaşanda bolsa, ony butnamaz ýaly edýär. Ýolbars bolsa derrew sugunyň yzyndan ýetip oňa agyz urýar.
Şol pursat sugun: «Gör men özüme şeýle artykmaç ýük bolan şahlaryma buýsanyp, iň gowy halasgärim bolan aýaklaryma bolsa, äsgermezçilik edip gezipdirin» diýip gynanypdyr.
Iň gymmatly zatlar köplenç gadyrsyz bolýar.
Taýýarlan: Mähri Annaýewa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.