Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiHabarlar

Bu gün seniň günüň

15-04-2021 / 5084

Säher bilen sag-aman ören bolsaň, garaňky agşamyň aladasyna baş agyrtman şu günüňi bilip ýaşa. Geçip giden düýn barada hem, heniz gelmedik ertir hakda hem agyr oýlara batma. Bu gün seniň üçin dogdy, bu gündiz seniň üçin ýagtyldy. Sen şu gün bilen dogulmaly, şu gün bilenem ýaşamaly, şonda seniň durmuşyň geçmişiň gamyna büdremez. Diňe şu günüň üçin yhlas et! Sebäbi bu gün seniň üçin! Bu seniň günüň! Ähli hyýalyňy, ünsüňi, oýlap tapyjylygyňy, pikirleriňi, aň zähmetiňi we yhlasyňy  şu günüňe gönükdir. Işleriňde sazlaşygy sakla, ýagşy gylykly bol, geýim-gejimiňe üns ber, bedeniň sagdynlygyny sakla, köpe bähbitli işiň başyny tut.

Sen bu günüň sagatlaryny bölüşdir. Onuň  minutlaryndan  ýyllary,  sekuntlaryndan  aýlary  ýasap, her pursady netijeli ulanmaga çalyş: “Men şu gün özgelere peýda bermek, ýagşylyk etmek üçin ýaşaýyn. Azaşanlara ýol görkezeýin. Gaýgyly adamlary gaýgysyndan açaýyn. Agyr güne uçranlara teselli bereýin. Ululary hormatlaýyn, kiçileri söýeýin.”

Diňe şu günüň üçin yhlas et, çünki bütin geljek her günki “şu günlerden” ybaratdyr!

 

Oguljeren Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

 

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com