Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiŽurnalistiň sahypasy

Men saña baharda aşyk boldum, ýar

09-04-2021 / 5020

Men saña baharda aşyk boldum, ýar,

Gül bilbile, bilbil güle duşanda.

Duýga çümüp ýaşyn dökende asman,

Zemin elwan geýnip yşka düşende.

 

Baglar söýgüsine gol galgadanda,

Dag sil bolup deñze gowşan mahaly.

Älemgoşar görme-görşe çykanda,

Ýel alakjap sähra aşan mahaly.

 

Gije bilen gündiz al gözýetimde,

Pynhanlykda posa gümra bolanda,

Hut şo pursat saña aşyk boldum men,

Duýgularym añdan rüstem gelende.

 

Meñ günäm däl serhorşlygy älemiñ,

Şoñ täsiri diýýän çaklama ýersiz.

A sen bolsa “dünýä aşyk mahaly,

Aşyk bolmak tebigy zat” diýýärsiñ.

 

Men dünýä däl, saña aşyk boldum ýar,

Men baharda saña aşyk boldum, ýar!

Serdar Saparow.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com