Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Ýurdumyz barada habarlary ýaýratmakda kim ilkinji?

07-04-2021 / 5063

Atavatan Türkmenistan halkara žurnalynyň resmi saýty habar berýär: Web saýtlaryň reýtingi baradaky maglumatlar boýunça iň ygtybarly merkezleriň biri hökmünde kabul edilýän “Amazon” kompaniýasyna degişli bolan “Alexa Rank” maglumatlaryna görä, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty Türkmenistandan girilen saýtlaryň arasynda dördünji (birinji orny “Google” eýeleýär) orna geçdi. Ýagny has takygy, Türkmenistan barada habarlary ýaýradýan saýtlaryň arasynda www.atavatan-turkmenistan.com birinji orna ýerleşdi. Bellemeli zat, bu maglumatlar “Alexa Rank” saýtynyň 2021-nji ýylyň 7-nji aprel senesindäki maglumatlary bolup, reýting yzygiderli üýtgäp durýar.
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly Türkiýe Respublikasynda esaslandyrylan halkara žurnal bolup, ýurdumyzda öz işlerini Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen “Daşary ýurt žurnalistleriniň Akkreditasiýa Şahadatnamasy” esasynda alyp barýar. Şeýle şahadatnama diňe “Reuters”, “AP”, “France Press”, “TRT” we “Ria Nowosti” ýaly abraýly halkara metbugat edaralarynda bardyr.

Saýtyň döredijilik işgärlerine mundan beýläk-de uly üstünlikler arzuw edýäris.

P.S. Hemmämize mälim bolşy ýaly, şu ýylyň mart aýynyň 8-ine TÜRKMENgazet.com internet saýtymyz öz işine başlady. Döränine az wagt geçmegine garamazdan, TURKMENgazet.com saýty hem, bu sanawyň ilk onlugyna dalaşgär. “Alexa Rank” maglumatlaryna görä, häzirki wagtda saýtymyz 12-nji orunda.

 

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com