Slide
Slide
previous arrow
next arrow


HabarlarSagdyn durmuş

“COVID-19” ýokanjyna garşy sanjym etmegiň tejribesi

07-04-2021 / 5016

Şu gün tutuş dünýäde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem 7-nji aprel – Bütindünýä Saglyk güni giňden bellenilip geçilýär. Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli «Saglyga bolan hukuk – adam hukuklarynyň esaslarynyň biridir» atly onlaýn tertipde maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy tarapyndan gurnalan maslahata Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtly halkara guramalaryň, daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekili Saçly Nuryýewa ýurdumyzda Milli immunizasiýa meýilnamasy hem-de “COVID-19” ýokanjyna garşy sanjymlaryň paýlanylmagynyň çäklerinde “COVID-19” ýokanjyna garşy sanjym etmegiň tejribesi barada çykyş etdi.

Ol öz çykyşynda ýurdumyzda 4 waksina – “Sputnik V”, “EpiWakKorona”, “AZD1222-AstraZeneca” hem-de “Beijing CNBG Inactivated” waksinalary boýunça sanjym işleriniň alnyp barylýandygyny belledi. Sanjym işleriniň tapgyrma-tapgyr alnyp barylýandygy, birinji tapgyrda lukmançylyk işgärleri hem-de döwlet ýolbaşçylary, 2-nji tapgyrda bolsa, uly ýaşly adamlardan kiçi ýaşly adamlara çenli, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine sanjym edilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Sanjym işleriniň bejergi we öňüni alyş saglyk edaralarynda, goşmaça saglyk öýleriniň sanjym nokatlarynda alnyp barylýandygy, şeýle hem saglyk öýleriniň wagtlaýyn/ykjam toparynyň düzülendigi mälim edildi.

Ýurdumyzda ähli sanjymlaryň 2 doza möçberinde 21 gün aralyk bilen urulýandygy aýdylyp, milli we welaýat derejelerinde waksinalary saklamak üçin -15-20 derejede sowadyjylaryň üpjün edilendigi bellenilip geçildi.

Atavatan Türkmenistan halkara žurnalynyň resmi saýtynda hem bellenilşi ýaly, sanjym işleriniň çäklerinde ähli waksinalar boýunça 1-nji we 2-nji dozasy alan köp sanly raýatlaryň bardygy aýdylyp geçildi.

Şeýle hem sanjymyň ähmiýeti barada wagyz etmek we düşündiriş işleriniň alnyp barylýandygy, olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen hem halklara ýetirilýändigi mälim edildi.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com