Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Tagamlary taýýarlamak

Ertirlik

04-04-2021 / 5110

Mähribanlar, öz ýakynlaryňyzy tagamly ertirlik bilen begendirmek isleseňiz, TURKMENgazet saýtynyň size hödürleýän tagamlary bilen tanyş boluň.

Gerekli önümler: 4 ýumurtga, 2 nahar çemçesi un, 5 nahar çemçesi süýt, 1 sany pomidor, 1 sany bulgar, peýnir, islege görä dürli otlar, duz we burç, günebakar ýagy.

Taýýarlanylyşy: Ýumurtgalary, uny, süýdi, pomidory (dörtburç şeklinde ownuk dograp), bulgary (dörtburç şeklinde ownuk dograp), dürli otlary, duzy we burçy bir gapda mazaly garmaly. Peýniri gyrgyçdan geçirip, aýratyn goýmaly.

Saja ýag çalmaly we orta otda tagamy taýýarlamaly. Munuň üçin ýag gyzansoň, taýýarlan garyndymyzyň 1/4 saja guýmaly. Bir tarapy bişensoň tagamyň ortasyna peýniri sepelemeli. Soňra tegelek görnüşdäki tagamy ýarym aý şekline getirmeli, ýagny bir tarapyny öwürmeli. 2 minutdan tagam taýýar. Şeýdip 4 sany tegelek görnüşli tagam emele gelmeli. Taýýar tagamy gaýmak bilen hödürläp bilersiňiz.

Işdäňiz açyk bolsun!

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com