Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Ýulduz – çempion

11-03-2021 / 5019

10-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy.

Milli Liderimiz dabarada ýurdumyzyň sport taryhynda ajaýyp sahypalaryň az ýazylmandygyny aýtdy. Bu barada bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ajaýyp agyr atletikaçymyz, dünýäniň we Ýewropanyň üç gezek çempiony, şeýle hem Aziýanyň çempiony Altymyrat Orazdurdyýewi ýa-da görnükli türgen, döwrüniň iň meşhur mergeni hem-de Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi, nyşana ok atmakda köp gezek dünýäniň we Ýewropanyň rekordsmeni Marat Nyýazowy ýatlady. Olar biziň naýbaşy türgenlerimizdir, görelde almaga nusgalardyr.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýulduz Jumabaýewa 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda mynasyp bolan altyn medalyny gowşurdy.

*****

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permany gol çekdi. Oňa laýyklykda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge goşan şahsy goşandy, halkara ýaryşlarda mähriban Watanymyzyň sport abraýyny goramakda uly üstünlikleri gazanandygy üçin Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medaly bilen sylaglandy. Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, oňa 2020-nji ýylda goýberilen, ak reňkli “Lexus LX 570 Sport Plus” kysymly ýeňil awtoulagy sowgat berildi.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com