Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Tagamlary taýýarlamak

Almaly tagam (şarlotka)

18-02-2021 / 5095

Gerekli önümler: 2 sany ýumurtga, ýarym bulgur şeker, ýarym bulgur günebakar ýagy, 1,5 bulgur un, wanilin we 2 sany alma.

Taýýarlanylyşy: Bir gapda ýumurtgany we şekeri mazaly garmaly. Üstüne ýagy hem guýmaly we dowamly garmaly. Soňra uny garynda goşmaly we üstüne 1 çaý çemçe wanilini guýmaly.

Almalary ýarym aý şeklinde dogramaly. Soňra almalary tagamy taýýarlajak tegelek gaba örmeli  we üstüne suwuk hamyry guýmaly. Howur peçde 180 dereje gyzgynlykda 20-30 minut goýmaly.

Tagam taýýar bolandan soňra, bezeg üçin şeker tozuny sepeläp bolar.

Işdäňiz açyk bolsun mähribanlar!

Gülşat ABDYRASULOWA,

öý bikesi.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com