
Her ýylyň 1-nji aprelinde Halkara gülki we akmaklaryň güni bellenilýär. Bu baýramçylykda öz ýakynlarymyzy, dost-ýarlarymyzy aldamaklyk we olar bilen degişmeklik däbe öwrülip gidipdir. Baharyň bu baýramçylygynyň nirden we nähili ýagdaýda ýüze çykandygy şu günlere çenli anyk belli bolmandyr.
Internet maglumatlarynda gabat gelýän iň meşhur çaklamalaryň biri-de, gadymy döwürde aprel aýynyň birinji güni gije bilen gündiziň deňleşmegi we hristianlaryň pasha baýramy bilen baglanyşykly bolupdyr. Ýazyň bu baýramçylygy hemişe degişmelerdir gülkiler bilen sazlaşdyrylypdyr.
Gülki güni bilen baglanyşykly çaklamalaryň ýene biri hem 1582-nji ýylda Rim Papasy Grigoriý tarapyndan düzülen Grigoriý senenamasy bilen utgaşdyrylypdyr. Sebäbi orta asyrlarda Rimde täze ýyl ýanwar aýynyň birine başlaman, mart aýynyň ahyrynda başlapdyr we şol sebäpli täze ýyl hepdeligi 25-nji martdan aprel aýynyň 1-ne çenli dowam edipdir.
Şol döwürlerde täze ýyl baýramçylygyny şatlyk-şowhun bilen bellemek däp bolupdyr. Ýöne käbir konserwatiw düşünjedäki ýa-da senenama girizilen üýtgeşmelerden habarsyz adamlar täze ýyl baýramçylygyny öň bellenişi ýaly ýazda belläpdirler. Beýlekiler bolsa olaryň üstünden degşip, akmak sowgatlar eltip beripdirler. Şondan soň aprel aýynyň akmaklary diýen düşünje gelip çykypdyr.
18-nji asyrda bu baýramçylyk Angliýada, Şotlandiýada we Fransiýada giňden ýaýrapdyr. Şol gün adamlar biri-biriniň üstünden degşip, biri-birlerine akmak sowgatlary beripdirler.
Merjen BAÝRAMGYLYJOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.